Azerbaýjanda Baýdak Baýramy Bellenilip Geçilýär

Baýramçylyga bagyşlanyp Hazar deňiziniň kenaryndaky Milli seýilgähde medeni çäreler geçirildi.

1904387
Azerbaýjanda Baýdak Baýramy Bellenilip Geçilýär

Azerbaýjanda baýdak baýramy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär.

Baýramçylyga bagyşlanyp Hazar deňiziniň kenaryndaky Milli seýilgähde medeni çäreler geçirildi.

Azerbaýjanyň döwlet mukamynyň ýerine ýetirilmegi bilen başlan çärede, Azerbaýjanyň baýdagynyň reňklerindäki şarlar uçuryldy.

Üç reňkli Azerbaýjanyň baýdagy 1918-nji ýylda Azerbaýjan Respublikasynyň hökümeti tarapyndan kabul edilipdi.

Sowet Soýuzynyň dargamagy bilen garaşsyzlygyny yglan eden Azerbaýjan, respublika döwründe kabul edilen baýdagy 1991-nji ýylda ýaňadandan milli baýdak hökmünde kabul etdi.

Ýurtda 2009-njy ýylda 9-njy noýabr Prezidentiň kararyna laýyklykda “Döwlet baýdak güni” we resmi dynç alyş hökmünde yglan edilipdi.

 

 

 



Degişli Habarlar