Fuat Oktaý Azerbaýjanda Saparda Bolýar

Oktaý bilen Aliýew, ykdysadyýetiň başda durmagynda iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy.

1902270
Fuat Oktaý Azerbaýjanda Saparda Bolýar

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew hem duşuşdy.

Oktaý bilen Aliýew, paýtagt Bakuda Zagulba köşgünde bolan duşuşykda ykdysadyýetiň başda durmagynda iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy.

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, soň bolsa Azerbaýjanyň Wise-premýeri Ali Ahmedow bilen birlikde Azerbaýjanyň milli lideri Haýdar Aliýewiň gubyryna baryp gül desselerini goýdy.

Türk we Azerbaýjan şehitliklerine hem baran Oktaý, şehitleriniň gubyrlaryna gül desselerini goýup, doga etdi.

Fuat Oktaý, Baku Türk şehitligine gül desselerini goýandan soň, şehitligiň ýatlama depderine “Bu jennet ugruna janlaryny pida eden Eziz şehitler, Azerbaýjanyň garaşsyzlygy üçin 1 asyr ozal gahrymanlarça göreşip, türk dünýäsiniň kalbynda tagt gurduňyz we ylham çeşmesi bolduňyz.

Siziň mukaddes göreşiňiz, şu günki günde Azerbaýjanyň asudalygy we durnuklylygy üçin göreşýän müňlerçe gahrymana ýolbeletlik edýär. Siziň amanadyňyza eýe çykarýarlar.

Bakuwyň azat edilmeginiň 104-nji ýylda siziň huzuryňyzda bolmakdan hoşal. Türkiýe Respublikasynyň we türk halkynyň adyndan size ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirýärin.

Bir millet iki döwlet şygaryna laýyklykda Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary ebediýete çenli dowam eder. Ruhlaryňyz şad bolsun” diýip ýazdy.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar