ÝB Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel Gazagystanda saparda bolýar
Ýewropa Bileleşigi Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel Gazagystanyň Prezident Kasym Jomart Tokaýew bilen duşuşyk geçirdi
Gazagystanyň Prezidentliginden berilen beýanata görä, Tokaýew paýtagt Astana şäherinde resmi saparda bolýan Şarl Mişeli Prezidentiň Akorda köşgünde garşylady.
Geçirilen duşuşykda taraplar energetika we azyk howpsuzlygy başda bolmak bilen ýaşyl ykdysadyýet, transport we logistika ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, mundan başgada Orta Aziýa-ÝB formatynda özara gatnaşyklary özgertmegi ikitaraplaýyn häsýetde maslahatlaşdylar.
Geçirilen duşuşykdan soň gurnalan umumy metbugat ýygnagynda taraplaryň Gazagystan bilen ÝB-niň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy, esasan hem howanyň çalşygy, suw çeşmeleri we adam hukuklary ugurlaryny has hem berkitmek, çuňlaşdyrmak we giňeltmek, Ýewropaly kärhanalaryň Gazagystana göçürilmegi boýunça ylalaşyga gelendikleri aýan edildi.
Beýanatda Tokaýewiň we Mişeliň Ýewropa bilen Orta Aziýanyň arasynda täze halkara transport koridorlarynyň giňeldilmeginiň ähmiýetini belläp geçendikleri habar berildi.
Degişli Habarlar
Türkiye bilen Azerbaýjan Harby Türgenleşik Geçirdi
Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasynda suwasty hüjüm türgenleşiginiň geçirlendigi nygtaldy.