Şentop Wengriýa Saparyny Dowam Etdirýär

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop Wengriýadaky türk şehitligini zyýarat etdi.

1885973
Şentop Wengriýa Saparyny Dowam Etdirýär

Resmi sapar bilen paýtagt Budapeşte baran Mustafa Şentop, ol ýerdäki türk şehitligini zyýarat edip, 1-nji Jahan urşunyň Galisiýa frontunyň Şehitler ýadygärligine gül desselerini goýdy.

Şentop, hormatly dymyşlykdan we Türkiýe bilen Wengriýanyň döwlet senalarynyň ýerine ýetirilmeginden soň esgerleriň gubyrlaryna gül  goýup, doga okady.

Mustafa Şentop soň bolsa Wengriýanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Laslo Kower bilen duşyşdy.

Milli Mejlisde bolan duşuşykdan soň iki kärdeş bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky we mejlisara gatnaşyklar hakynda pikir alyşandyklaryny beýan eden Şentop; “Türkiýe bilen Wengriýanyň arasynda hökümetleriň arasynda syýasy, ykdysady we söwda taýdan ýokary gatnaşyklar bar” diýdi.

Şentop Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli sebitde energiýa serişdeleri we immigrantlar boýunça kynçylyklaryň başdan geçirilýändigini nygtap, kärdeşi Kower bilen bu meselelerde-de pikir alyşandyklaryny aýtdy.

Türkiýe bilen Wengriýanyň sebitleýin we global meseleler boýunça meňzeş garaýyşlarynyň bardygyny beýan eden Şentop, Wengriýanyň Türkiýäniň ÝB-ne agzalygyna berýän goldawy üçin sagbolsun aýtdy.

Türkiýäniň “Dostluklyk gatnaşyk etmek hakyndaky” ilkinji ylalaşygyna 1923-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Wengriýa bilen gol çekişendigine ünsi çeken Şentop, onuň 100 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylyň “Türk-Wenger Medeniýet Ýyly” diýlip yglan edilendigini aýtdy.

Laslo Kower bolsa iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejededigini, söwda gatnaşyklarynda geçen ýol rekord goýulandygyny aýtdy.

Kower Türkiýäniň energiýa howpsuzlygy we immigrantlar boýunça edýän başlangyçlaryny goldaýandygyny beýan etdi.

 



Degişli Habarlar