Ilham Aliýew, Arap Ligasynyň Liderler Maslahatyna Hormatly Myhman Hökmünde Çagyryldy

Alžiriň Prezidenti , Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýewi, ýurdunda geçiriljek Arap ligasynyň liderler maslahatyna hormatly myhman hökmünde çagyrdy.

1883571
Ilham Aliýew, Arap Ligasynyň Liderler Maslahatyna Hormatly Myhman Hökmünde Çagyryldy

 

Alžiriň Prezidenti Abdulmejid Tebbun, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewi, ýurdunda geçiriljek Arap ligasynyň liderler maslahatyna hormatly myhman hökmünde çagyrdy.

Alžiriň Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannama görä, BMG-nyň Baş Assamleýasynyň 77-nji Sessiýasyna gatnaşmak üçin ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine giden Daşary işler ministri Ramtan Lamamra, Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşdy.

Beýannamada, Prezident Tebbunyň, Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýewi, Arabaglanşyksyzlar hereketiniň döwürleýin ýolbaşçysy hökmünde noýabr aýynda Alžirde geçirikjek Arap Ligasynyň liderler maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrandygy nygtaldy.

Beýannamada, ministr Lamamranyň Prezident Tebbunyň çakylygyny Azerbaýjanly kärdeşi Baýramowa gowşurandygy ýatladyldy.

 



Degişli Habarlar