Saglygy Goraýyş Ministri Azerbaýjanda Saparda Bolýar

Ministr Koja Türkiýe-Azerbaýjan Saglygy goraýyş forumyna gatnaşar

1883202
Saglygy Goraýyş Ministri Azerbaýjanda Saparda Bolýar

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, Türkiýe-Azerbaýjan Saglygy goraýyş forumyna gatnaşmak üçin Azerbaýjana gitdi.

Ministr Koja Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda ilki şehitliklere baryp gördi.

Fahrettin Koja merhum Prezident Haýdar Aliýewiň gurbyna baryp gül desselerini goýdy.

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, Azerbaýjanyň Saglygy goraýyş ministri Teýmur Musaýew we Türkiýäniň Azerbaýjandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Jahit Bagjan bilen birlikde 20-njy ýanwar şehitligine we Bakudaky türk şehitligine baryp gül desselerini goýdy.

Saparynyň çäginde Türkiýe-Azerbaýjan Saglygy goraýyş forumyna gatnaşjak Fahrettin Koja, kärdeşi Musaýew bilen özara duşuşyk geçirer we saglygy goraýyş işgärleri bilen duşuşar.

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja ertir Garabagyň simwoly bolan Şuşa şäherine baryp görer.

 



Degişli Habarlar