Ilham Aliýew Laçyn şäherine bardy

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, 26-njy awgustda Azerbaýjanyň gözegçiligine geçen Laçyn şäherine bardy

1883289
Ilham Aliýew Laçyn şäherine bardy

Prezident Diwanyndan berilen beýanata görä, Ilham Aliýew ol ýerde eden çykyşynda, Laçyn şäheriniň basyp alyşlyk zamanynda ermeniler tarapyndan weýran edilendigini belläp: "Ermeniler Laçyn şäheriniň käbir ýerlerine bikanun ýagdaýda ýerleşdiler. Siriýadan we Liwandan asly ermeni bolan raýatlary getirip, bu ýere bikanun ýagdaýda ýerleşdiripdirler. Bu harby jenaýatdyr, ähli halkara ylalaşyklarda hem harby jenaýat hökmünde ykrar edilen we bu jenaýat dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde edildi. Dünýä jemgyýetçiligi, halkara guramalar, bu işler bilen gönüden gyzyklanýan Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Minsk toparynyň egindeş baştutanlary ony görmediksirediler. Ermenistandan Garabaga, Garabagdan Ermenistana gidip gelinýän mahaly bu ýerde bikanun ýaşaýyş zolagynyň döredilendigini, Azerbaýajana degişli bolan ýaşaýyş ýerleriniň atlaryny aýyrandyklaryny, taryhy Azerbaýjanyň ýeri bolan Laçyn şäherini ermenileşdirendiklerini görýärdiler, emma gözlerini ýumýardylar. Azerbaýjanyň halky hem ony kabul etmezdi" diýip habar berdi. 

Ermenistanyň soňky aýlarda Azerbaýjana garşy meçew bermeler edýändigini we söweş gutarmagyna garamazdan sebite ermeniler tarapyndan minalar goýulýandygyny aýdan Ilham Aliýew: "Biz hiç wagt muňa rugsat bermeris. Ermenistana ençeme gezek bu işlerinden ýüz öwürmek barada duýduryş berdik. Netijede 13-nji sentýabrda bize garşy ýene-de bir gezek meçew beriji hereket edende, Azerbaýjanyň goşuny garşylyk görkezdi we duşmany ýaňadandan ýerine oturtdy. Bu olara bir sapak bolar we hiç bir zady duruzyp bilmejekdiklerini görendirler diýip umyt edýärin" diýip nygtady. 

Azerbaýjanyň lideri: "Ermenistanyň parahatçylyk islemeýändigin we entegem ar almak düşünjesi bilen ýaşaýandygyny görýäris. Hiç kimiň çagyryşy, hiç bir beýanat, hiç bir başlangyç bizi duruzyp bilmez. Topraklarymyzdadyrys we topraklarymyzy goraýarys" diýip belledi. 



Degişli Habarlar