Gazagystanda 20-njy Noýabrda Prezident Saýlawy Geçirler

Prezident Tokaýew, ýurtda irki prezident saýlawlarynyň 20-njy noýabrda geçirilmegi baradaky kararnamany tassyklady.

1882879
Gazagystanda 20-njy Noýabrda Prezident Saýlawy Geçirler

Gazagystanyň Prezidenti Kassym Jomart Tokaýew, ýurtda irki prezident saýlawlarynyň 20-njy noýabrda geçirilmegi baradaky kararnamany tassyklady.

Tokaýew mesele hakynda beren beýannamasynda, iýun aýynda geçirlen ähli halk sese goýulşygynyň çäginde syýasy we sosial ugurlarda kabul edilen kanuny üýtgetmeler hakynda durup geçdi.

Prezident Tokaýew “Halkymyz syýasy ulgamyň üýtgemegi baradaky meýilnamalarymyzyň ähmiýetine doly göz ýetirýär” diýdi.

Konstitutsiýa laýyklykda irki prezident saýlawlarynyň 2022-nji ýylyň 20-njy noýabrynda geçirilmegi baradaky kararnamany tassyklandygyny nygtan Tokaýew, “Bu saýlaw, ýurduň syýasy ulgamynyň üýtgedilmegi etabynyň başlangyjy bolar” diýdi.

Tokaý, saýawyň ýurduň ykdysady ösüşi we halkyň eşretli durmuşda ýaşamagy taýdan uzak möhletli işleriň ýerine ýetirilmegine mümkinçilik döretjekdigini belledi.



Degişli Habarlar