Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew ýadro ýaraglary barada beýannama berdi
Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew, dünýäniň 2 nesil soň, ilkinji gezek ýadro ulanmak ähtimallygy bilen ýüz-ýüzedigini beýan etdi
Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew, ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilen BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynda eden çykyşynda, Gazagystanda geçmişde ýadro synaglaryndan uly zyýan çekendigini belläp: "Ýadro güýçleriň artýan bäsdeşligine we beýanatlaryna alada bildirýäris" diýip belledi.
Tokaýew uly güýçleriň arasyndaky ikitarplaýyn häsýetdäki ynamsyzlygyň alada döretjek derejä ýetendigini belläp: ""Dünýä 2 nesil soň, ilkinji gezek ýadro ulanmak ähtimallygy bilen ýüz-ýüze" diýip nygtady.
BMG-nyň döwletleriň özbaşdaklyk deňligi, territorial bütewiligine hormat we ýurtlaryň parahatçylyk içinde ýaşamagy ýaly 3 esasy ýörelgäniň arasyndaky gatnaşygy gözden geçirmeginiň gerekdigine ünsleri çeken Tokaýew: "Bu 3 ýörelge biri-birleri bilen baglydyr. Şol ýörelgeleriň islendik biriniň düzgüniniň bozulmagy, beýleki ikisiniň düzgüniniň bozulmagy manysyna gelýär. Global ýadro ýarag režiminiň gowşamagy diýmek, şol 3 ýörelgäniň howp astynda bolmagy diýmekdir" diýip belledi.
Gazak lider BMG-nyň gymmatlyklar ulgamynyň dünýäniň tapawutly ýerlerindäki millionlarça adam üçin bir umyt yşygy bolmaga dowam edýändigini belläp, ýurtlara şol gymmatlyklara eýe çkmaga çagyrdy.
Degişli Habarlar
Ýaşar Güler Azerbaýjanly Serkerdäni Kabul Etdi
Güler, Azerbaýjanyň Gümrük hyzmatlary serkerdesi goşun generaly Elçin Guliýewi kabul etdi.