Azerbaýjan çaknyşyklarda ýogalan ermeni esgerleriň jesetlerini Ermenistana berdi

Azerbaýjan serhetdäki çaknyşyklarda ýogalan ýene-de 95 ermeni esgeriň jesedini Ermenistana berdi

1882306
Azerbaýjan çaknyşyklarda ýogalan ermeni esgerleriň jesetlerini Ermenistana berdi

Azerbaýjanyň Ýesir, dereksiz ýiten we zamun alynan raýatlar Döwlet komissiýasyndan berilen beýanatda, 12-14-nji sentýabr aralygynda başdan geçirilen çaknyşyklarda sebitde ýogalyp, çaknyşyk meýdanynda galan ermeni esgerleriň jesetleriniň gözleg işleriniň dowam etdirilýändigi habar berildi. 

Beýanatda ýene-de 95 ermeni esgeriň jesediniň Azerbaýjanyň harby Prokuraturasynyň işgärleri tarapyndan derňelendigi we jesetlerde hiç hili ezýet berilendigi baradaky yzlara gabat gelinmändigi anyklananyndan soň, Halkara Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň üsti bilen Ermenistana ugradylandygy mälim edildi. 

Ermeni esgerleriň jesetleriniň ugradylmak tapgyrynyň dowam etjekdigi beýan edildi. 

Azerbaýjan 17-nji sentýabrda bolsa 32 jesedi Ermenistana ugradypdy. 

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi 12-nji sentýabr gije we 13-nji sentýabr ir säher Ermenistanyň goşunlarynyň Azerbaýjan bilen serhediň Daşkesen, Kelbejer, Laçyn we Zengilan taraplarynda giňişleýin meçew bermeleriň edilendigini habar beripdi.

Diplomatik tagallalaryň netijesinde II Garabag söweşinden soňky iň uly çaknyşykda Azerbaýjan bilen Ermenistanyň od açmazlyk barada ylalaşyk gazanandygy aýan edildi. 

Azerbaýjan 80 esgeriniň şehit bolandygyny habar beripdi. Ermenistan bolsa ýogalan ermeni esgerleriň sanynyň 207-ä ýetendigini beýan edipdi. 



Degişli Habarlar