Çawuşogly Baýramow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiyäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen Azerbaýjan-Ermenistan serhedindäki "ermeni meçew bermeler" barada telefon arkaly söhbetdeş boldy

1879270
Çawuşogly Baýramow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Twitter hasabyndan beren beýannamasynda, kärdeşi Baýramow bilen Azerbaýjan-Ermenistan serhedindäki "ermeni meçew bermeleri" ara alyp maslahatlaşandygyny habar berdi. 

Mewlüt Çawuşogly: "Ermenistan indi öjükdiriji hereketlerini bes etmeli. Azerbaýjan bilen gazanylan ylalaşygyň çäginde parahatçylyk gepleşiklere we hyzmatdaşlyga gönükmeli" diýip mälim etdi. 

Azerbaýjan-Ermenistan serhedinde iki ýurduň arasyndaky harby birikmeleriň arasynda giň-gerimli çaknyşyklar başlapdy. 

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi Ermenistanyň goşunynyň düýn agşam serhediň Daşkesen, Kelbejer we Laçyn ugurlarynda giň-gerimli meçew berme hereketler edendigini aýan etdi. 



Degişli Habarlar