Azerbaýjan-Ermenistan Serhedinde Güýçli Çaknyşyklar Başlady

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi Ermenistanyň harby goşunlarynyň düýn agşam serhediň Daşkesen, Kelbejer we Laçyn taraplarynda giňişleýin meçew bermeler edendigini habar berdi.

1879032
Azerbaýjan-Ermenistan Serhedinde Güýçli Çaknyşyklar Başlady

Beýannamada Ermenistanyň ýaragly güýçleriniň sabbotaž toparlarynyň birnäçe ýerde Azerbaýjanyň goşularynyň pozisiýalarynyň arasyndaky ýerlere we ýollara mina goýandygy mälim edildi. Onuň öňüni almak üçin Azerbaýjanyň harby güýçleri tarapyndan görülen çäreler sebäpli çaknyşyklar boldy.

Ermenistanyň goşunlarynyň Basargeçer, İstisu, Karakilise we Gorus welaýatlaryndaky pozisiýalaryndan Azerbaýjanyň goşunlarynyň Daşkesen, Kelbejer we Laçyn welaýatlaryndaky käbir pozisiýalary bilen gaçybatalgalaryna minemýot ualy dürli kalinrdäki ýaraglar bilen od açyldy. Hüjüm sebäpli harby gullukçylardan ýitgiler çekildi, harby infrastruktara zeper ýetdi.

Azerbaýjanyň goşunlarynyň hem ermeni ýaragly güýçleriniň atyş nokatlaryny hatardan çykarmak we çaknyşygyň ýaýbaňlanmagynyň öňüni almak üçin degişli çäreleri görendigi, meçew beriji operasiýalara gatnaşan Ermenistanyň ýaragly güýçleriniň gullukçylaryndan ýitgileriň çekilendigi we enjamlaryň hatardan çykandygy habar berildi.

Beýannamada çaknyşyklardan we ýitgilerden dolulygyna resmi Ýerewanyň jogapkärdigi nygtaldy.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi aýratynam Ermenistanyň meçew bermegine gaýtawul hökmünde görülen çäreleriň ýerli häsýetde we harby nyşanalara garşydygyny, Azerbaýjanyň goşunlarynyň Ermenistanyň territoriýasyna hüjüm gurandygy hakyndaky habarlaryň hakykaty beýan etmeýändigini habar berdi.



Degişli Habarlar