ŞHG-nyň Samarkantda Geçiriljek Sammitine 14 Ýurduň Prezidentleri Gatnaşar

Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçiriljek Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň Sammitine Prezident R.T.Erdogan bilen bilelikde 14 ýurduň döwlet ýolbaşçylary gatnaşarlar.

1872816
ŞHG-nyň Samarkantda Geçiriljek Sammitine 14 Ýurduň Prezidentleri Gatnaşar

Özbegistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndaky Milli utgaşdyryjysy Rahmatulla Nurimbetow15-16-njy sentýabrda geçiriljek ŞHG-nyň Sammirine görülýän taýýarlyklar boýuna paýtagt Daşkent şäherinde brifing berdi.

Nurimbetow sammite 14 ýurduň döwlet ýolbaşçylary bilen 10 halkara guramanyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynyň meýilleşdirilýändigini beýan edip, sammite gurama agza ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady, maýa goýum, syýahatçylyk, medeni we gumanitar ugurlardaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi hakynda 20-den gowrak ylalaşyga gol çekişilmegine garaşylýandygyny nygtady.

Sammite agza Russiýa, Hytaý, Gazagystan, Gyrgyzstan, Täjigistan, Pakistan, Hindistan we Özbegistan bilen guramanyň synçy agzasy Belarusyň, Mongoliýanyň we Eýranyň prezidenti bilen ýer eýesi Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan çagyrylan Türkmenistanyň döwlet Ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow we Türkiýäniň Prezidenti R.T.Erdoganyň gatnaşjakdygyny aýdan Nurimbetow, sammite aýraynam guramanyň dialog hyzmatdaşy ýurtlardan-da ýokary derejeli gatnaşygyň boljakdygyny beýan etdi.

 



Degişli Habarlar