Gyrgyzstan Türkiýäniň Töwellaçylyk Syýasatyny Goldaýar
Gyrgyzstanyň Daşary işler ministrý Jeenbek Kulubaýew Türkiýäniň Ukrainadaky töwellaçylyk syýasatyny goldaýandyklaryny beýan etdi.
Kulubaýew: “Ukrainanyň portlaryndan galla eksportuny ýola goýmak uly üstünlik” diýdi.
Resmi saparynyň çäginde Ankara gelen Kulubaýew metbugata beren beýannamasynda gelejekde Türkiýe bilen Gyrgyzstanyň arasynda bilelikde uly işleriň ediljekdigine ynanýandygyny nygtap; “Sebäbi ykdysadyýetimiziň ösmegine türk döwletiniň goşandy uly. Türkiýe bize halakara guramalarynda goldaw berýär we Türkiýäniň tejribesi biziň üçin uly baýlyk” diýdi.
Kulubaýew 24-nji fewralda başlan Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli Gyrgyzstanda we Orta Aziýada ähli önümlerde nyrhlaryň ýokarlandygyny, şol sebäpli azyk howpsuzlygy boýunça alternatiwe gözlenmäge başlanandygyny aýtdy.
Türkiýäniň we BMG-niň başlangyjy bilen gol çekişilen Galla ylalaşygy hakynda durup geçen Kulubaýew; “Prezident R.T.Erdoganyň, Daşary işler ministrý Mewlüt Çawuşoglunyň Ukrainadaky töwellaçylyk syýasatyny goldaýarys. Ukrainanyň portlaryndan galla eksportuny ýola goýmak uly üstünlik. Onuň global azyk howpsuzlygyna uly goşandy boldy” diýdi.