Wenger Goşuny Türk Goranyş Senagatynyň Önümlerini Alar

Wengriýanyň Tehnologiýa we goranmak ministri Laslo Palkowiç wenger goşunlarynyň türk goranyş senagatynyň önümlerini almak hakynda karara gelendigini aýtdy.

1868524
Wenger Goşuny Türk Goranyş Senagatynyň Önümlerini Alar

Laslo Palkowiç Ankara guraýan resmi saparynyň çäginde “Anadoly” habarlar gullugynyň soraglaryna cogap berdi.

Türkiýä saparynyň çäginde uçarmansyz howa ulaglary boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda pikir alyşandyklaryny beýan eden Palkowiç, Senagat we tehnologiýalar minsitri Mustafa Warank bilen geçiren duşuşygynda özara senagat we tehnologik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça şertleri selcerendiklerini aýtdy.

Palkowiç, Wengriýa bilen Türkiýäniň arasynda goranyş senagaty pudagynda edilýän hyzmatdaşlyga ünsi çekip; “Wenger goşunlary türk goranyş senagatynyň önümleri almak hakynda karara geldi. Sowutly personal gatnadycylary tanymal firmalardan birinden alarys. Wengriýada öndürmek boýunça ylalaşyga gol çekişdik” diýdi.

“Baýkar” firmasynyň öndürýän “Baýraktar” uçarmansyz howa ulaglaryny satyn almak üçin Wengriýanyň Goranmak ministrliginiň degişli selceriş işlerini geçirendigini nygtan Palkowiç; “Selcermelere görä has elýeterli, şol bir wagtda-da has neticeli tehnologiýa” diýdi.



Degişli Habarlar