Azerbaýjanda 991 Sany Mina Tapyldy
Minalaryň II Garabag urşundan soň 2021-nji ýylda Ermenistanda öndürlendigine üns çekildi.

Azerbaýjanyň Laçyn welaýatynyň gündogarynda, ermeni ýaragly topar tarapyndan goýlan minalar tapyldy.
Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, 15-nji awgustda geçirlen barlaglarda 991 sany PMN-E kysymly mina tapyldy.
Beýannamada, minalaryň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi nygtaldy.
Minalaryň II Garabag urşundan soň 2021-nji ýylda Ermenistanda öndürlendigine üns çekildi.
Garabagdaky ýaragly ermeni toparyň 3-nji awgustda guran hüjüminde 1 esger şehit bolupdy.
Hüjümden soň Azerbaýjanyň harby goşuny tarapyndan ýaragly ermeni topara garşy operasiýa guralypdy.
Degişli Habarlar

Gazagystanda pansionatlaryň birinde ýangyn boldy
Gazagystanyň Almaty şäherinde ýerleşýän pansionatlaryň birinde bolan ýangynda 13 adam ýogaldy

Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Gümrük Gulluklarynyň Maslahaty Geçirildi
Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda gümrük ugry boýunça hyzmatdaşlyk ösýär.