Gazagystanda Orta Aziýanyň Iň Uly Metjidi Açyldy

Açylyş dabarasyndan soň metjide Juma namazy okaldy.

1867358
Gazagystanda Orta Aziýanyň Iň Uly Metjidi Açyldy
nur sultan cami.jpg
nur sultan cami avize.jpg
nur sultan cami.jpg

Gazagystanda gurluşygy tamamlanan Orta Aziýanyň iň uly metjidi bolan Uly Nur Soltan metjidi açyldy.

Paýtagt Nur Soltanda gurlan metjidiň açylyş dabarasyna Gazagystanyň ozalky Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew gatnaşdy.

Dabara şeýle hem Gazagystanyň, Russiýanyň we Müsüriň dini ýolbaşçylary bilen Gazagystandaky musulman ýurtlaryň ilçileri hem gatnaşdy.

Nazarbaýew, dabarada eden çykyşynda metjidi guran türk gurluşyk firmasynyň ýolbaşçysy Fettah Taminjä, Sembol firmasyna we işgärlerine sagbolsun aýtdy.

Açylyş dabarasyndan soň metjitde Juma namazy okaldy.

Uly Nur Soltan metjidi, Orta Aziýanyň iň uly metjitlerinden biri.

Metjitde şol bir wagtda 35 müň adam namaz okap biler.

Içinde Yslam muzeýi, kitaphanasy, konferensiýa zaly we ýapyk garažy bolan Uly Nur Soltan metjidiniň ýurduň täze simwollaryndan biri bolmagyna garaşylýar.

 

 



Degişli Habarlar