“Garabagdaky Ermenileriň Howpsyzlyklary Azerbaýjan Tarapyndan Üpjün Ediler”

Aliýew, Garabagdaky ermenilere haýsydyr bir ýörite statusynyň berilmejekdigini emma Azerbaýjan tarapyndan howpsyzlyklarynyň üpjün ediljekdigini aýtdy.

1867352
“Garabagdaky Ermenileriň Howpsyzlyklary Azerbaýjan Tarapyndan Üpjün Ediler”

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Garabagdaky ermenilere haýsydyr bir ýörite statusynyň berilmejekdigini emma Azerbaýjan tarapyndan howpsyzlyklarynyň üpjün ediljekdigini aýtdy.

Aliýew, Azerbaýjanyň döwlet telewideniýesine beren beýannamasynda, Garabagdaky ýaragly ermeni toparyň 3-nji awgustda guran hüjümi hakynda durup geçdi.

Ermeni güýçleriniň hüjüminde Azerbaýjanyň goşunyndan 1 esgeriň şehit bolandygyny ýatladan Aliýew, birnäçe sagat dowam eden operasiýa bilen ýaragly ermeni topara degişli jogabyň berlendigini nygtady.

Azerbaýjanly şehidiň ganynyň ýerde galmandygyny nygtan Aliýew, “Ermeniler muny ýatdan çykarmaly däl. Biz ýaragly ermeni toparlaryna garşy degişli çäräni görmäge dowam ederis” diýdi.

Aliýew, operasiýadan soň ýüzlerçe ermeni esgeriň Garabag sebitinden çykandygyny beleldi.

Bikanun ýagdaýda Laçyn, Zabuh we Sus obalaryna ýerleşdirlen ermenileriň ol ýerden çykmalydygyny nygtan Aliýew “Ol ýerde ýaşamaga dowam etmekleri aslynda harby jenaýat hökmünde kabul edilýär. Sebäbi olaryň ol ýerde ýaşamaklary Ženewa şertnamasyna bap gelmeýär” diýdi.

Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew, Ermenistan bilen ýurdunyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşma etabyna Garabag meselesiniň degişli bolmandygyny ýatlatdy.

Aliýew “Gepleşikleriň gün tertibinde haýsydyr bir status meselesi ýer almaýar. Garabagda ýaşaýan ermenileriň hukuklary we howpsyzlyklary meselesi seljerilýär. Olaryň hak-hukuklarynyň goralyp saklanjakdygyny we howpsyzlyklarynyň Azerbaýjan tarapyndan üpjün ediljekdigini ozal hem birnäçe gezek nygtapdym” diýdi.



Degişli Habarlar