Türkiýe Krym Tatarlaryna Uzak Möhletli Ýaşaýyş Rugsatnamasyny Bermäge Başlady

Türkiýe mesheti, uýgur, bolgariýaly we gresiýaly türkleriň eýe bolan “türk kowumly” derejesine degişli bolan Krym tatarlaryna uzak möhletli ýaşaýyş rugsatnamasyny bermäge başlady.

1866622
Türkiýe Krym Tatarlaryna Uzak Möhletli Ýaşaýyş Rugsatnamasyny Bermäge Başlady

Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa edarasyndan alynan maglumata görä türk raýaty bolmadyk adamyň uzak möhletli ýaşaýyş rugsadyny almagy üçin üznüksiz 8 ýyl üznüksiz Türkiýede ýaşama şerti gerek bolsa, 2017-nji ýylyň 15-nji fewralynda çykarylan Migrasiýa syýasatlary geňşiniň kararyna laýyklykda bolgariýaly, gresiýaly, mesheti we uýgur türklerine şol möhlete garalmazdan uzak möhletli ýaşaýyş rugsady berilýär.

Şol çäkde Migrasiýa edarasy Krym tatarlaryna beriljek täze hukuk derejesi boýunça taýýarlyklary tamamlady. Mesheti, uýgur, bolgariýa we gresiýaly türkleriň eýe gbolan “Türk kowumly” derejesine Krym tatarlary hem goşuldy.



Degişli Habarlar