Gazagystan Türkiýe Bilen Harby Howpsuzlyk Boýunça Hyzmatdaşlyk Eder

Gazagystanyň hökümeti harby howpsuzlyk boýunça Türkiýe bilen hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky teswirnamany tassyklady.

1866675
Gazagystan Türkiýe Bilen Harby Howpsuzlyk Boýunça Hyzmatdaşlyk Eder

Gazagystanyň hökümetiň kararnamasynda Türkiýe bilen 10-njy maýda gol çekişilen “Harby howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky teswirnamanyň” tassyklanandygy beýan edilýär.

Kararnamada; “Taraplar, degişli teswirnama laýyklykda aktual meselelerde harby howpsuzlyk maglumatlaryny we hünärmen seljerişiniň ikitaraply çalşygy; tarap döwletleriň howpsuzlygyna wehim salýan sebitdäki harby we syýasy şertler bilen bagly meseleleriň öwrnilmegi; halkara terror guramalary we beýleki guramalar hakynda özara maglumat alyşmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk eder” diýilýär.



Degişli Habarlar