Türk Diplomatiýasynyň Üstünligi Türkiýäniň Pozisiýasyny Güýçlendirýär

Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow türk diplomatiýasynyň gazanan üstünlikleri bilen Türkiýäniň halkara güýç hökmünde pozisiýasyny günsaýyn güýçlendirýändigini beýan etdi.

1865395
Türk Diplomatiýasynyň Üstünligi Türkiýäniň Pozisiýasyny Güýçlendirýär

Baýramow düýn paýtagt Ankarada 13-nji İlçiler maslahatynda gatnaşyjylara ýüzlenip çykyş etdi.

Baýramow özara gatnaşyklaryň, türk diplomatlarynyň Azerbaýjanyň bähbitlerini, azerbaýjanly diplomatlaryn Türkiýäniň bähbitlerini dürli halkara platformalarda öz döwletleriniň bähbitleri ýaly goraýan, goldaýan derejä ýetendigini aýtdy.

Halkara ulgamda soňky 30 ýylda düýpli we depginli özgerlişigiň bolandygyna ünsi çeken Baýramow, ähli özgerlişikleriň aslyna garalanda halkara ulgamdaky durnuksyzlyklary we biynjalyklyklary görkezýändigini beýan etdi.

Türkiýäniň alyp barýan işleriniň halkara adalatyň ýola goýulmagynda bütin dünýä üçin nusagawy häsýete eýedigini nygtan Jeýhun Baýramow, 500 ýyllyk mirasa eý ebolan türk diplomatiýasynyň gazanan üstünliginiň Türkiýäniň halkara güýç hökmünde pozisiýasyny günsaýyn güýçlendirýändigini aýtdy.

Baýramow Türkiýäniň dünýäniň ençeme sebitinde ynamdar töwellaçy hökmünde meseleleri çözmäge çagyrylýandygyny nygtap, Türkiýäniň Siriýa, Liwiýa, Ukraina mesellerinde halkara hukuga we ynsanperwer gymmatlyklara esaslanandygyny, onuň hem türk diplomatiýasynyň gözýetimini, çuňlugyny, ynsany we adalaty elmydama ileri tutýan tarapyny görkezýändigini beýan etdi.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Türkiýäniň Azerbaýjana territoriýasyny ermeni basybalyjylardan halas eden günlerinde beren syýasy we diplomatik goldawy bilen hakyň, adalatyň ýanynda dik duran ýurt hökmünde taryhda öz mynasyp ornuny eýeländigini aýtdy.

 



Degişli Habarlar