Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Türkiýä sapar gurar

Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow 13-nji Ilçiler konferensiýasyna gatnaşmak maksady bilen 8-9-njy awgust aralygynda Türkiýede saparda bolar

1864661
Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Türkiýä sapar gurar

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň çakylygyna laýyklykda 13-nji Ilçiler konferensiýasyna gatnaşmak maksady bilen 8-9-njy awgust aralygynda Türkiýä sapar gurajakdygy habar berildi. 

Beýanatda: "Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň 13-nji Ilçiler konferensiýasynda ilçilerimize ýüzlenip çykyş etmegi göz öňünde tutulýar" diýip mälim edildi. 



Degişli Habarlar