Makron Bilen Aliýew Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Emmanuel Makron, soňky günlerde sebitde dartgynlygyň artmagyna alada bildirdi.

1864153
Makron Bilen Aliýew Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Azerbaýjan tarapyndan berlen beýannama görä, Ilham Aliýewe telefon eden Emmanuel Makron, soňky günlerde sebitde dartgynlygyň artmagyna alada bildirdi.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gepleşikleriň dowam etdirilmeginiň we 2020-njy ýylyň 10-njy noýabrynda gazanylan ylalaşygyň kadalarynyň ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

Makron telefon söhbetdeşliginde Fransiýanyň iki ýurduň arasyndaky gepleşikleriň dowam etdirilmegine goldaw bermäge taýardygyny aýtdy.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň meçew beriji tutumyny dowam etdirýändigini, rus güýçleriniň gözegçiligi astyndaky zolakda guralan hüjümde azerbaýjanly 1 esgeriň şehit bolandygyny belledi.

Aliýew, dartgynlygyň möwjemeginden Ermenistanyň jogapkärdigini ýatlatdy.



Degişli Habarlar