Ermeni Güýçleri Azerbaýjana Degişli Pozisiýalara Od Açdy

Azebaýjanyň degişli gaýtawuly görkezilendigi habar berildi.

1864199
Ermeni Güýçleri Azerbaýjana Degişli Pozisiýalara Od Açdy

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi soňky 24 sagadyň dowamynda Azerbaýjanyň goşunlaryna degişli pozisiýalara ermeni ýaragly güýçleri tarapyndan 12 gezek od açylandygyny habar berdi.

Ministrlikden berilen beýannamada serhediň Kelbejer we Laçyn welaýatlary tarapynda ýerleşýän harby pozisiýalaryň Basargeçer welaýatynyň Nerimanly we Zerket diýilýän ýerlerindäki Ermenistana degişli pozisiýalardan üç gezek od açylandygy mälim edilýär.

 Beýannamada rus güýçleriniň wagtlaýyn ýerleşen we Azerbaýjana degişli territoriýada ornaşan bikanun ermeni ýaragly toparlary tarapyndan Azerbaýjanyň goşunlarynyň Agdam, Hojawend we Hojaly welaýatlarynyň golaýyndaky harby pozisiýalara 9 gezek od açylandygy nygtalýar.

Azerbaýjanyň goşunlarynda gullukçy we enjam ýitgisiniň çekilmändigi, degişli gaýtawulyň görkezilendigi habar berildi.



Degişli Habarlar