Soýlu Özbegistanda Saparda Bolýar
Içeri işler ministri Süleýman Soýlu Özbegistana guraýan resmi saparynyň çäginde Daşkentde özbek kärdeşi Pulat Bobojonow bilen duşuşdy.
Soýlu we Bobojonow Içeri işler ministrliginde ikiçäk duşuşykdan soň toparara maslahata ýolbaşçylyk etdi.
Maslahatda çykyş eden ministr Soýlu, iki doganlyk ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň giň gerimli hyzmatdaşlyk derejesine ýetendigini ýatladyp, bu hususda her bir adama uly jogapkärçiligiň düşýändigini nygtady.
Bu üstünligiň syrynyn ähli ugurdaky içginlik we doganlykdan ybaratdygyny nygtan Süleýman Soýlu; “Şu günkü günde Özbegistan strategik ýerleşişi, alyp barýan syýasaty we adamy ileri tutýan çemeleşmesi bilen özgertme hem-de galkynyş göçümlerinde uly başlangyçlary iş ýüzüne geçirýär. Ol bizi diýseň begendirýär” diýdi.
“Biz Özbegistanyň durnuklylygynyň we eşretini ýurdumyzdan tapawutly göremizok” diýen ministr Soýlu; “Ýurdumyz üçin näme isleýän bolsak, Özbegistana hem şony isleýäris” diýdi.
Degişli Habarlar
Türkiye bilen Azerbaýjan Harby Türgenleşik Geçirdi
Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasynda suwasty hüjüm türgenleşiginiň geçirlendigi nygtaldy.