Gazagystanda nebit ýatagynda partlama boldy

Gazagystanyň iň uly nebit ýataklarynyň biri bolan Tengiz ýatagynda bolan partlamada 2 adam ýogaldy, 3 adam bolsa ýaralandy

1852870
Gazagystanda nebit ýatagynda partlama boldy

Gazagystanyň Atyrau sebitiniň Adatdan daşary ýagdaýlar departamentinden berilen beýanatda, ýurdyň günbataryndaky Atyrau welaýatynyň çäklerinde ýerleşýän Tengiz nebit ýatagynda partlamanyň bolandygy habar berildi. 

Beýanatda partlamanyň turba geçirijidäki gidrawlik synagynyň geçirilýän mahaly flanes arkaly berkidilen birleşmeleriň näsazlanmagy sebäpli bolandygy we wakada 2 adamyň ýogalandygy, 1-iniň saglyk ýagdaýy agyr 3 adamyň hem ýaralanandygy mälim edildi. 

Atyrau sebitiniň Polisiýa departamenti bolsa waka bilen baglanşykly Gazagystanyň Jenaýat kodeksiniň "Iş düzgünleriniň bozulmagy" maddasyna laýyklykda derňew işiniň başladylandygyny habar berdi. 


Etiketkalar: #ýatak , #nebit , #partlama , #Gazagystan

Degişli Habarlar