Çawuşogly Özbegistanyň Daşary işler ministriniň wekili bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Özbegistanyň Daşary işler ministriniň wekili Wladimir Norow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1852204
Çawuşogly Özbegistanyň Daşary işler ministriniň wekili bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanata görä Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly telefon söhbetdeşliginde: "Türkiýäniň Özbegistanyň Garagalpagystan Awtonomiýasynda başdan geçirilen hadysalary ýakyndan gözegçilik edýändigini, Prezident Şewket Mirziýoýewiň ýolbaşçylygyndaky Özbegistanyň hökümediniň we halkynyň, hadysalara sagdyn pikirlilik we parahatçylyk bilen, asudalyk gurşawynyň içinde çözüwe ýetijekdigine doly ynanýandyklaryny" beýan etdi. 



Degişli Habarlar