Azerbaýjanyň Daşary Işler ministri Baýramow Eýranda Saparda Bolýar

Iki kärdeş duşuşykda özara gatnaşyklar we sebitara meseler hakynda pikir alyşdy.

1851713
Azerbaýjanyň Daşary Işler ministri Baýramow Eýranda Saparda Bolýar

Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow resmi sapar bilen Eýrana bardy.

Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan myhman kärdeşi bilen paýtagt Tähranda duşuşdy.

Iİki kärdeş duşuşykda özara gatnaşyklar we sebitara meseler hakynda pikir alyşdy.

Duşuşykdan soň metbugata beýannama beren Abdullahiýan, kärdeşi Baýramow bilen iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar we özara bähbide esaslanýan hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy hakynda pikir alyşandyklaryny belledi.

Ýurtlaryň territorial bitewiligine ähmiýet berýändiklerini ýatladan Abdullahiýan, “Daglyk Garabag meselesiniň parahatçylykly ýagdaýda çözülmeginiň möhümdigini nygtadyk. Ermenistan bilen çaknyşygyň başlan gününden bäri Eýran, krizisiň gepleşik arkaly çözülmegine goldaw bermäge taýardygyny beýan etdi” diýdi.

Azerbaýjan bilen Eýranyň arasyndaky söwda mukdarynyň artmagyndan hoşaldyklaryny bellän Abdullahiýan, şu günki duşuşykda hem söwda we ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi hakynda pikir alyşandyklaryny nygtady.

Iki kärdeş Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Tährana gurajak resmi sapary üçin görülýän taýarlyklary hem ara alyp maslahatlaşdy.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow hem 2021-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň 30 göterim artandygyny belledi.

Baýramow, mart aýynda geçirlen bilelikdäki ykdysady komissiýanyň maslahatynda, Zengezur ykdysadyýet zolagynyň Eýranyň üst aşyr Nahiçewan bilen birleşmeginiň teklip edilendigini belledi.

Taslama hakyndaky gepleşikleriň dowam edýändigini we ýer meselesinde ylalaşyk gazanylandygyny aýdan Baýramow “Sebitdäki ilkinji köprünin gurluşygyna ýakynda başlanar” diýdi.

 



Degişli Habarlar