Aliýew Ermenistana Degişli Garşylygyň Görkeziljekdigini Beýan Etdi

Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew Ermenistan Azerbaýjanyň territorial bitewiligine sarpa goýmasa, degişli garşylygy görkezjekdiklerini aýtdy.

1844496
Aliýew Ermenistana Degişli Garşylygyň Görkeziljekdigini Beýan Etdi

Ilham Aliýew paýtagt Bakuwda Nizami Genjewi adyndaky HAlkara merkeziň guran 9-njy Global Bakuw forumynyň açylyşynda çykyş etdi.

Ermenistanyň Garabag boýunça talaplaryna hakynda durup geçen Aliýew, Azerbaýjanda “Daglyk Garabag” atly dolanşyk ýeriniň ýokdugyny ýatladyp, ermeni tarapyndan bu mesele boýunça ediljek haýsydyr bir başlangyjyň täze işlere sebp boljakdygyny duýdurdy.

Aliýew Ermenistandan Daglyk Garabagyň hukuk derejesi boýunça käbir beýanatlaryň eşitmäge başlandyklaryny nygtap, onuň “peýdasyz we Ermenistan üçin howply çemeleşmedigini” aýtdy.

Daglyk Garabag Awtanom Welaýatynyň 1991-nji ýylda Azerbaýjanyň parlamentiniň karary bilen ýatyrylandygyny ýatladan Aliýew; “Ermenistanyň hökümeti oňa düşünmeli we taryhy gaýtadan ýazmağa synanşmakdan el çekmeli. Ermenistan Azerbaýjanyň territorial bitewiligine sarpa goýmasa, Azerbaýjanyň başga ýoly galmaz we Ermenistanyň territorial bitewiligini sarpa goýmaz” diýdi.

Ermenistanyň territorial bitewiligini seljermäge taryhy taýdan-da hukuklarynyň bardygyny beýan eden İlham Aliýew; “Soňky asyryň taryhy Sowet hökümetiniň 1920-nji ýylda Azerbaýjanyň taryhy etraplaryndan bir bolan Zengezury bölüp, Ermenistana berendigini aç-açan görkezýär. Şol sebäpli Ermenistan Garabagdaky ermeniler üçin hukuk derejesini talap edýän bolsa, Azerbaýjan näme üçin günbatar zengezurly Azerbaýjanlylar üçin hukuk derejesini talap etmesin.

Sebäbi şol ýerde dolulygyna azerbaýjanlylar ýaşaýardy. Bu mesele çykgynsyzlyga sebäp bolar. Ermenistanyň hökümeti 2-nji Daglyk Garabag söweşiniň netijelerini ýatdan çykarmasyn, şol netijeleri gowy öwrensinler we Azerbaýjana garşy haýsydyr bir ýer talap etmekden gaça durmaly” diýdi.

 



Degişli Habarlar