“Kipr Meselesi Iki Döwletli Esasda Çözülmeli”

Daşary işler ministri Çawuşogly DKTR-na guraýan saparynyň çäginde kärdeşi Tahsin Ertugruloglu bilen duşuşdy.

1842325
“Kipr Meselesi Iki Döwletli Esasda Çözülmeli”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Kipr meselesinde iki döwetli çözgüde goldaw berýändiklerini nygtady.

Daşary işler ministri Çawuşogly DKTR-na guraýan saparynyň çäginde kärdeşi Tahsin Ertugruloglu bilen duşuşdy.

Mewlüt Çawuşogly duşuşykda, Ukrainadaky söweşe, halkara azyk krizisine ünsi çekdi we daşary syýasatda Türkiýäniň we DKTR-nyň hukuklaryny goraýandyklaryny belledi.

DKTR we Kipr türk halky bilen ýakyndan gyzyklanmaga dowam edýändiklerini aýdan Çawuşogly “Kiprde gepleşik etaby bilen arabaglanşykly tutumyz belli. BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen Nýu-Ýorkda duşuşdyk. Her platformada beýan edişimiz ýaly Kipr meselesi iki döwletli esasda çözülmeli. Gepleşikler iki deň hukukly döwletleriň arasynda başlamaly”diýdi.

Saparynyň çäginde Türkiýe bilen DKTR-nyň arasynda syýasy we diplomatiýa taýdan durmuşa geçiriljek işler hakynda pikir alyşjakdyklaryny aýdan Çawuşogly, Kipr meselesini halkara jemgyýetçiliginiň dykgatyna birlikde ýetirmäge dowam etjekdiklerini belledi.

DKTR-nyň Daşary işler ministri Tahsin Ertugruloglu hem Kipr gepleşikleriniň diňe iki döwetli çözgüde esaslanan halatynda başlap biljekdigini belledi.

Ministr Ertugruloglu, “İndi Kiprde täze sahypa açyldy. 60 ýyla golaý dowam eden “jemgyýetara gepleşik” hökmünde atlandyrlan gepleşik etaby, 2017-nji ýylda Krans Montanada täsirini ýitirdi. 2017-nji ýyldan başlap täze sahypa açyldy. Adada iki özygtyýarly deň hukukly we deň derejeli iki döwlet bar. Bu hakykat iňkär edilip bilinmez” diýdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, DKTR-na guraýan saparynyň çäginde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we Lapta etrabynyň ýaşaýjylary bilen hem duşuşypdy.

 

 



Degişli Habarlar