Gazagystanyň Prezidenti Gyrgyzystanda saparda boldy

Gazagystanyň Prezidenti Kasym Žomart Tokaýew, Gyrgyzystana resmi sapar gurady

1832999
Gazagystanyň Prezidenti Gyrgyzystanda saparda boldy

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow, ýurduna sapar guramaga çagyran Gazagystanyň Prezidenti Kasym Žomart Tokaýewi resmi dabara bilen garşylady. 

Gyrgyzystanyň Prezident köşgünde Japarow we Tokaýew ikiçäk we toparara gepleşikler geçirdiler. 

Toparara gepleşikde söz sözlän Japarow: "Iki ýurdyň arasynda hiç hili syýasy düşünişmezçilik ýokdyr" diýip belledi. 

Japarow Gyrgyzystanyň we Gazagystanyň umumy tagallalary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary has hem özgermegini üpjün etjekdigini habar berdi. 

Gyrgyzystana saparynyň iki ýurdyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30-njy ýylynda guralýandygyna ünsleri çeken Tokaýew: "Şu gün siziň güýçli hökümediňiz bilen Gyrgyzystanda möhüm syýasy, sosial we ykdysady refornalar durmuşa geçirilýär. Döwletiň güýçlenmegi, milli jebisligi we Gyrgyzystanyň dünýädäki abraýyny güýçlendirjek ähli tagallalary goldaýarys. Gazagystan hökmünde şol maksatlaryň durmuşa geçirilmegi üçin her dürli goldawy bermäge taýardyrys" diýip belledi. 

Tokaýew hem Japarowyň Gazagystan bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagy isleýändigini we şol ugurda alyp barýan tagallalaryny takdyr edýändigini aýan etdi. 

Iki ýurdyň arasynda awiasiýa pudagy boýunça gözleg we halas ediş ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmek bilen birlikde, bilim, oba-hojalyk, ykdysadyýet, logistika we ýerli dolanşyklarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ähtnamalara gol çekildi. 



Degişli Habarlar