Mişel, Aliýew we Paşinýan Bilen Brýusselde Duşuşdy
Mişel, Aliýew we Paşinýan bilen iýul ýada awgust aýynda ýaňadandan duşuşjakdyklaryny ýatlatdy.
ÝB Geňeşiniň başlygy Çarles Mişel, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň serhet komissiýalarynyň birlikde maslahat geçirjekdigini aýtdy.
Mişel, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen düýn Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçiren duşuşygyndan soň metbugata beýannama berdi.
Iki lider bilen üçünji gezek duşuşyk geçirendigini nygtan Mişel, Günorta Kawkazdaky ýagdaý, mina saplaýyş işleri we dereksiz ýitenleriň anyklanylmagy ýaly meseleler hakynda pikir alyşandyklaryny belledi.
Mişel, iki ýurduň serhet komissiýalarynyň ýakynda bilelikdäki ilkinji maslahatyny geçirjekdigini, şol maslahatda serhetleriň kesgitlenilmegi we serhetde durnuklylygyň üpjün edilmegi ýaly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny nygtady.
ÝB Geňeşiniň başlygy Çarles Mişel, Aliýew bilen Paşinýanyň iki ýurduň arasynda gatnawdaky bökdençlikleriň ortadan aýrylmagy meselesinde ylalaşyk gazanandygyny ýatlatdy.
Mişel, Aliýew bilen Paşinýanyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary kesgitlejek parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmagy üçin geçirilýän gepleşikleriň dowam etdirilmegine oňyn garaýandygyny belledi.
Bu meseläniň geljek hepdelerde iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň resmi wekiliýetleri tarapyndan seljeriljekdigini aýdan Mişel, sosial-ykdysady galkynyş meselesinde ÝB-niň iki ýurt bilen işleşjekdigini nygtady.
Mişel, Aliýew we Paşinýan bilen iýul ýada awgust aýynda ýaňadandan duşuşjakdyklaryny ýatlatdy.
Degişli Habarlar
Özbegistan Türkiýä Gynanç Bildirdi
Mirziýoýew, ýangynda ýogalanlaryň hossarlaryna gynanç bildirdi we ýaralananlara şypa diledi.