DKTR-da Hökümeti Gurmak Boýunça Geňeşmeler Başlady

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Ersin Tatar täze hökümetiň gurulmagy boýunça Respublika Mejlisinde wekilçilik edilýän syýasy partiýalar bilen geňeşmelere başlady.

1822963
DKTR-da Hökümeti Gurmak Boýunça Geňeşmeler Başlady

Prezident Tatar hökümeti gurmak boýunça geňeşmeleriň çäginde ilki bilen Gaýtadan dogluş partiýasynyň Baş sekretary Talip Atalaýy kabul etdi.

Atalaý duşuşykdan soň beren beýannamasynda partiýalarynyň hem hökümetiň maksatnamasynyň hem-de Türkiýe bilen gol çekişilen teswirnamalaryň iş ýüzüne geçirilmegini üpjün etjek hökümetiň gurulmagyny isleýändigini aýtdy.

Tatar Halkyň partiýasynyň Başlygy Kudret Özersaýy hem kabul etdi.

Özersaý duşuşykdan soň beren beýannamasynda Halkyň partiýasynyň demokratiýanyň tarapynda durýandygyny nygtap, garaýyşlaryny Prezidente beýan edendiklerini aýtdy.

Demokrat partiýanyň Başlygy Fikri Ataoglu bilen duşuşan Prezident Tatar, hökümeti gurmak boýunça geňeşmelerini dowam etdirer.

Agaoglu guruljak hökümetiň Prezidentiň ygtyýaryna baglydygyna ünsi çekip, milletiň saýlan 50 halk deputatynyň jogapkärçilikli çemeleşmelidigini we milletiň derdine çäre tapmalydygyny nygtady.

DKTR-nda Premýer-ministri Faiz Sujuogly koalision hökümetiň iş başyndan çekilýändigi hakyndaky arzasyny Prezident Tatara beripdi.

Tataryň gysga möhletde hökümetiň gurulmagy üçin syýasy partiýalaryň başlyklaryndan birine tabşyryk bermegine garaşylýar.



Degişli Habarlar