Gyrgyzystanyň Prezidenti Azerbaýjanda Saparda Boldy
Azerbaýjan bilen Gyrgyzystanyň arasynda Strategik hyzmatdaşlyk şertnamasy baglaşyldy.

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarowyň Azerbaýjana guran resmi saparynyň çäginde iki ýurduň arasynda Strategik hyzmatdaşlyk şertnamasy baglaşyldy.
Azerbaýjan tarapyndan berlen beýannama görä, Japarow resmi saparynyň çäginde paýtagt Bakuda Prezident Ilham Aliýew tarapyndan garşylandy.
Resmi garşylama dabarasyndan soň Aliýew bilen Japarow özara duşuşyk geçirdi we toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk etdi.
Prezident Aliýew, duşuşykda Gyrgyzystan bilen ähli taraplaýyn ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge dowam etjekdiklerini nygtady.
Aliýew, doganlyk ýurtlar Gyrgyzystan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň we söwda mukdarynyň artdyrylmagy bilen birlikde sebitara hyzmatdaşlyk meselesiniň iki ýurduň gün tertibinde esasy orun eýeleýändigini ýatlatdy.
Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow hem Azerbaýjanly doganlary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýardyklaryna ünsi çekdi.
Özara we toparara gepleşiklerden soň Aliýew bilen Japarow, Azerbaýjan bilen Gyrgyzystanyň arasynda Strategik hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy.
Saparyň çäginde şeýle hem iki ýurduň degişli ministrleri tarapyndan bilim, oba hojalyk, kommunikasiýa we maliýe ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk şertnamalary baglaşyldy.
Degişli Habarlar

Gazagystanda pansionatlaryň birinde ýangyn boldy
Gazagystanyň Almaty şäherinde ýerleşýän pansionatlaryň birinde bolan ýangynda 13 adam ýogaldy

Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Gümrük Gulluklarynyň Maslahaty Geçirildi
Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda gümrük ugry boýunça hyzmatdaşlyk ösýär.