TÜRKSOÝ-yň Baş Sekretary Wezipesine Girişdi

Türk medeniýetiniň halkara dolanşygynyň baş Sekretarlygyna saýlanan Sultan Raýew paýtagt Ankarada guralan dabara bilen wezipäni Düsen Kaseinowdan kabul edip aldy.

1811148
TÜRKSOÝ-yň Baş Sekretary Wezipesine Girişdi
cavusoglu turksoy.jpg
Dusen Kaseinov-Sultan Raev.jpg

Dabara Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý, ilçiler we resmi adamlar gatnaşdylar.

Düsen Kaseinow wezipäni tabşyrmazdan ozal sözlän sözünde 31-nji martda geçirilen TÜRKSOÝ-yn geňeşinde kabul edilen karara laýyklykda 14 ýyl ozal buýsanç bilen girişen wezipesini Raýewe gowşurjakdygyny beýan etdi.

TÜRKSOÝ-da işlän her bir gününde özüni öýünde ýaly duýandygyny aýdan Kaseinow; “Türk dünýasiniň çar tarapyndan gelip, meniň bilen işleşen ähli ýoldaşlarymyň şeýle duýgulary bölüşýändigini pikir edýärin. Biz, geçen ýyllarda ajaýyp adamlar bilen tanyş bolduk, dostlaşdyk, deňi-taýy bolmadyk medeni köprüleri gurduk, umumy medeniýetimizi dünýäniň tarapynda tanadyp, başymyza täç edindik, gam-gussamyzy, şatlygymyzy bölüşdik. Men buýsanç we umyt bilen wezipäni tabşyrýaryn” diýdi.

TÜRKSOÝ-yň baş Sekretarlygy wezipesine girişen Sultan Raýew bolsa; “Jebisligimiz dünýä medeniýetiniň ösüşine hem möhüm goşant goşdy. Geçen döwürde TÜRKSOÝ medeni ugurdaky jebisligimiziň markasyna öwrülip, bütin dünýäde abraý gazandy” diýdi.

Daşary işler ministri Çawuşogly hem TÜRKSOÝ-yn türk dünýasini birek-birege ýaňadandan birikdirendigini ngytap; “Doganlyk gatnaşyklarymyzy, gadymy medeniýetimizi gelejek nesillere ýetirýär. türk medeniýetini bütin dünýä tanyşdyrýar” diýdi.

 



Degişli Habarlar