Prezident Erdogan Gazak Kärdeşi Tokaýew Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Erdogan bilen Tokaýew birek-biregi Remezan aýynyň başlamagy bilen gutlady.

1807001
Prezident Erdogan Gazak Kärdeşi Tokaýew Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident R. T. Erdogan, Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan bilen Tokaýew, özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy bilen birlikde Russiýa-Ukraina söweşi hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan, telefon söhbetdeşliginde Russiýa-Ukraina söweşi bilen birlikde, gündogar-günbatar liniýasynda Hazardan geçýän merkezi koridorynyň açylmagynyň nähili möhümdiginiň ýene-de bir gezek ýüze çykandygyny belledi we şol çäkde Türkiye bilen Gazagystanyň arasynda gatnaw meselesinde hyzmatdaşlyk edilmeginiň peýdaly boljakdygyna ünsi çekdi.

Erdogan bilen Tokaýew telefon söhbetdeşliginde birek-biregi Remezan aýynyň başlamagy bilen gutlady.



Degişli Habarlar