Aliýew Bilen Mişel Ukraina Meselesi Hakynda Pikir Alyşdy

Mişel bilen Aliýew telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1795363
Aliýew Bilen Mişel Ukraina Meselesi Hakynda Pikir Alyşdy

ÝB Geňeşiniň başlygy Çarles Mişel, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Ukrainada we Günorta Kawkazda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşandygyny mälim etdi.

Mişel sosial mediadan beren habarnamasynda Aliýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini mälim etdi.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Ukrainada we Günorta Kawkazda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşandygyny aýdan Mişel, geçen hepde hem Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini ýatlatdy.

Mişel “ÝB Günorta Kawkazyň durnuklylygyna goldaw bermäge dowam eder” diýdi.



Degişli Habarlar