Gazagystanda, Russiýanyň Ukraina Guraýan Hüjümleriniň Bes Edilmegi Üçin Kampaniýa Başladyldy

Kampaniýada “Biz Gazagystanyň halky basyp alyşlyga we garaşsyz döwletleriň territorial bitewiliginiň basgylanmagyna garşy” diýildi.

1785672
Gazagystanda, Russiýanyň Ukraina Guraýan Hüjümleriniň Bes Edilmegi Üçin Kampaniýa Başladyldy

Gazagystanda, Russiýanyň Ukraina garşy guraýan harby hüjüminiň bes edilmegi talaby bilen gol ýygnama kampaniýasy başladyldy.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen habarlara görä, ýurtda adam hukuklary we söz azatlygy boýunça iş alyp barýan jemgyýetçilik guramalary tarapyndan kampaniýa başladyldy.

Kampaniýada “Biz Gazagystanyň halky basyp alyşlyga we garaşsyz döwletleriň territorial bitewiliginiň basgylanmagyna garşy” diýildi.

Kampaniýada Russiýanyň Ukraina garşy guraýan harby hüjümleri ýazgaryldy.

Gazagystanyň Almaty şäherindäki Ros Başkonsullygynyň öňünde düýn Ukraina goldaw ýörişi geçirlipdi.

 



Degişli Habarlar