Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew Moskwada Saparda Boldy

Putin bilen Tokaýew, paýtagt Moskwada bolan duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi.

1776821
Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew Moskwada Saparda Boldy

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew bilen Gazagystanda ýanwar aýynda başdan geçirlen wakalar hakynda pikir alyşdy.

Putin bilen Tokaýew, paýtagt Moskwada bolan duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi.

Gazagystanda ýanwar aýynda başdan geçirlen wakalar hakynda durup geçen Putin, “Gazagystan, ýurtdaky agyr günlerden peýdalanan käbir halkara toparyň gurbany boldy. Siziň bilen täze ýylyň öňüsyrasynda duşuşdyk. Bu wakalaryň başdan geçiriljekdigini görkezýän hiç hili waka bolmady” diýdi.

Ýurtda ýagdaýyň kadalaşandygyna ünsi çeken Putin, Russiýanyň Kollektiw howpsyzlygy ylalaşygy guramasynyň çäginde Gazagystana esger ugradandygyny ýatlatdy.

Rus lideri Putin, başdan geçirlen wakalarda çekilen maddy ýitginiň öweziniň dolunmagy üçin tagalla edilmelidigini bilýärin. Gazagystan siziň alyp barýan tutanýerli tutumyňyzyň netijesinde çalt depginde ösýär” diýdi.

Russiýa bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklar hakynda hem durup geçen Putin, şol gatnaşyklardaky mümkinçiligiň ykdysady taýdan ulanylmagyny umyt edýändigini belledi.

Putin, “Russiýanyň Gazagystanyň söwda taýdan esasy hyzmatdaşy bolmagyndan hoşal. Geçen ýyl özara söwda mukdary 34 göterim artyp 26 milliard 500 million dollara barabar boldy” diýdi.

Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew hem ýurdunda başdan geçirlen wakalaryň halkara terrorçylar tarapyndan guramalaşdyrlandygyny nygtap “Wakalar agdarlyşyk etmek we konstitutsion ulgamy bolmak maksady bilen geçirildi” diýdi.

Tokaýew, “Gozgalan derňew işleri dowam edýär. Ilkinji netijeleri belli bolmaga başlady. Gynansakda wakalarda köp sanly adam ýogaldy we bu meni aladalandyrýar. Wakalarda ýogalanlaryň hossarlaryna uly gynanç bildirdim. Her bir waka aýry aýry derňelýär we wakanyň jogapkärleri anyklanylar we jezalandyrlar” diýdi.

Kollektiw howpsyzlygy ylalaşygy guramasynyň parahatçylyk güýjüniň Gazagystanda uly rol oýnandygyny ýatladan Tokaýew, Putin bilen özara hyzmatdaşlyk meselesini ara alyp maslahatlaşandygyny belledi.



Degişli Habarlar