Nursoltan Nazarbaýewiň syýasy ygtyýarlary ýatyryldy

Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew, ýurdyň ilkinji Prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň syýasy ygtyýarlaryny ýatyrýan kanuny tassyklady

1774957
Nursoltan Nazarbaýewiň syýasy ygtyýarlary ýatyryldy

Gazagystanyň Prezidentliginden berilen beýanata görä Tokaýew, Konstitutsiýadaky Birinji Prezident-Ilbaşy atly kanuna käbir üýtgeşmeleri girizmek baradaky kanun taslamasyna gol çekdi. 

Şoňa laýyklykda Nazarbaýewiň Gazagystanyň Howpsuzlyk geňeşine we Halk Assambleýasyna ömürlik ýolbaşçylyk etmek bilen bagly ygtyýarlary ýatyryldy. 

Ýurdyň içerki we daşary syýasaty bilen bagly başlangyçlaryň Nazarbaýew bilen karara gelinmegi baradaky madda hem aýryldy. 

Ozal ady agzalan kanun taslamasy Gazagystanyň Parlamendi tarapyndan tassyklanyp Prezident Tokaýewiň garamagyna hödürlenipdi. 

Nursoltan Nazarbaýew ýurdy takmynan 30 ýyl dolandyranyndan soň 2019-njy ýylda Prezident wezipesinden çekilipdi, emma Gazagystanyň Howpsuzlyk geňeşine we Gazagystanyň Halk Assambleýasyna ömürlik ýolbaşçylyk etmek baradaky hukugyny goraýardy. 



Degişli Habarlar