Eýranyň Prezidenti Raisi gazagystanly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Tokaýew hem Eýran bilen 30 ýyllyk diplomatik gatnaşyklarda islenen sepgide ýetendiklerini belldi

1772819
Eýranyň Prezidenti Raisi gazagystanly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi, Gazagystanyň Prezidenti Kasym Žomart Tokaýew bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde daşary ýurtly güýçleriň gatyşmaklarynyň sebitiň durnuklylygyna zyýan ýetirendigini beýan etdi. 

Eýranyň Prezident Diwany tarapyndan berilen beýanata görä, Raisi we Tokaýew düýn agşam geçiren telefon söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn gatnaşyklary, sebitdäki hadysalary we Gazagystanda başdan geçirilen wakalary ara alyp maslahatlaşdylar. 

Tokaýew hem Eýran bilen 30 ýyllyk diplomatik gatnaşyklarda islenen sepgide ýetendiklerini belläp, ykdysady we söwda ugurlarynda hyzmatdaşlygy artdyrmagyň möhümdigini nygtap geçdi. 



Degişli Habarlar