Nazarbaýewiň Ömür Boýy Başlyklyk Ygtyýary Bes Edildi

Gazagystanyň esaslandyryjy prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň Howpsuzlyk geňeşi bilen Gazagystanyn Halklar assambleýasyndaky ömür boýy başlyklyk ygtyýarlary bes edildi.

1769237
Nazarbaýewiň Ömür Boýy Başlyklyk Ygtyýary Bes Edildi

Gazagystanyň Senaty hepdelik maslahatynda ýurduň ilkinji prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň syýasy ygtyýarlary hakyndaky kanuna girizilen käbir özgertmeleri kabul etdi.

Şuňa laýyklykda Nazabaýewiň Gazagystanyň Howpsuzlyk geňeşi bilen Gazagystanyň Halklar assambleýasy ýaly guramalara ömür boýy başlyklyk etme ygtyýarlary bes edildi.

Kanun taslamasy senatorlar tarapyndan bir agyzdan kabul edildi.

Kanun taslamasy bir hepde ozal Mejlisiň halk deputatlary tarapyndan sese goýulyp, Senatyň garamagyna hödürlenipdi.

Gazagystany 30 ýyl dolandyrandan soň 2019-njy ýylda prezidentik wezipesinden çekilen Nazarbaýew, Gazagystanyň howpsuzlyk geneşine, Gazagystanyň halklar assambleýasyna we Nur Otan partiýasyndaky başlyklyk wezipelerini dowam etdirýärdi.



Degişli Habarlar