Azerbaýjanyň Goranmak Ministri Eýranda Saparda Bolýar

Hasanow, Eýranly ýolbaşçylaryň Azerbaýjanyň territorial bitewiligine berýän goldawlary üçin sagbolsun aýtdy

1768598
Azerbaýjanyň Goranmak Ministri Eýranda Saparda Bolýar

Azerbaýjanyň Goranmak ministri goşun generaly Zakir Hasanow, Eýranyň paýtagty Tähranda Eýranyň Goranmak ministri Muhammed Ryza Aştiýani bilen duşuşdy.

Eýranyň Goranmak ministrliginden berlen ýazmaça beýannama görä, Hasanow bilen Aştiýani iki ýurduň arasynda harby we howpsyzlyk taýdan edilýän gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Hasanow, duşuşykda Eýranly ýolbaşçylaryň Azerbaýjanyň territorial bitewiligine berýän goldawlary üçin sagbolsun aýtdy we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Hasanow, Eýranyň Goranmak ministri Aştiýani Bakuwa çagyrdy.

Eýranyň Goranmak ministri Aştiýani hem, Eýran bilen Azerbaýjanyň arasynda edilýan gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmalydygyny nygtady.

Eýranly ministr, iki ýurduň arasynda goranyş we howpsyzlyk taýdan edilýän hyzmataşlygyň pugtalandyrylmagynyň özleri taýdan möhümdigini belledi.

 

 



Degişli Habarlar