Gazagystanda Başdan Geçirlen Wakalarda 149 Adam Ýogaldy
Howpsyzlyk güýçleri wakalar bilen arabaglanşykly 2 müň 300 adamyň saklanandygyny mälim etdi.

Gazagystan ýangyjyň bahasynyň ýokarlandyrylmagyna garşy başlan we gysga wagtda çaknyşyklara öwrülen protest ýörişleri sebäpli Almaty şäherinde 149 adamyň ýogalandygy habar berildi.
Howpsyzlyk güýçleri wakalar bilen arabaglanşykly 2 müň 300 adamyň saklanandygyny mälim etdi.
Prezident Kasym Jomart Tokaýewiň karary bilen Gazagystanyň esaslandyryjy prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň ýegeni Samat Abiş, Milli howpsyzlyk komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadylypdy.
Nursoltan Nazarbaýewiň giýewsi Timur Kulibaýewiň hem Milli telekeçiler palatasy Atamekeniň başlygy wezipesinden çekilendigi mälim edildi.
Kollektiw howpsyzlyk guramasynyň çäginde Gazagystana baran parahatçylyk güýçlerinden käbir ýurtlar Gazagystandan çekilmäe başlady.
Ermenistanly, täjigistanly we gyrgyzystanly esgerler harby enjamlary bilen birlikde ýurtlaryna dolandy.
Beýleki tarapdan Gazagystanyň paýtagt Nur-soltanyň ozalky ady Astanany yzyna almagy üçin kampaniýa başladyldy.
Degişli Habarlar

TBMM-niň Başlygy Şentop Azerbaýjana Gitdi
Şentop Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlamentara Assambleýasynyň 3-nji maslahatyna gatnaşar.