Aliýew Diplomatik Gatnaşyklaryň 30 Ýyllygy Mynasybetli Erdogany Gutlady

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkiýe bilen ýurdunyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň açylmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Prezident R.T.Erdogana gutlag ýüzlenmesini ugratdy.

1762642
Aliýew Diplomatik Gatnaşyklaryň 30 Ýyllygy Mynasybetli Erdogany Gutlady

Aliýew Azerbaýjanyň Prezidentiniň resmi internet sahypasynda neşir edilen ýüzlenmesinde iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 1992-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda açylandygyny ýatladyp, bu möhüm gün mynasybetli Erdogany we doganlyk türk halkyny iň gyzgyn duýgular bilen gutlaýandygyny beýan etdi.

Türkiýe bilen diplomatik gatnaşyklaryň açylmagynyň Azerbaýjanyň taryhynda möhüm waka bolup durýandygyny beýan eden Aliýew; “20-nji asyrda ikinji gezek garaşsyzlygyna eý ebolan Azerbaýjany ilkinji bolup ykrar eden ýurduň Türkiýe bolmagy, soň diplomatik gatnaşyklaryň açylmagy hakyky doganlyk we arkalaşyk nusagasy hökmünde halkymyzyň milli ýadynda baky ýaşar” frazasyny ulandy.

Aliýew Azerbaýjan-Türkiýe gatnaşyklarynyň soňky döwürde ýokary depginde ösmegine buýsanýandygyny beýan edip, iki ýurduň taryhy synaglardan busanç bilen başy dik geçendigini “bir millet, iki döwlet” ýörelgesiniň ruhuna bolan tabynlyklaryny ýene-de bir gezek tassyklandygyny hem-de ony ýaşadýandyklaryny nygtady.

Türk we Azerbaýjan halklarynyň asyrlardan gözbaş alýan jebislik, doganlyk we dostluk ýaly mizemez binýada esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň iň ýokary derejededigine ünsleri çeken Aliýew, 2021-nji ýylyň iýun aýynda Şuşada gatnaşyklary ýaranlyk derejesine göterýan beýannama gol goýmaklaryny “mizemez bileleşigimizi berçinleşdiren esasy taryhy başlanfgyç” hökmünde häsýetlendirdi.

 



Degişli Habarlar