THÝ-nyň Gazagystandaky işgärleri Türkiýä getirildi
Almaty şäherinde galan THÝ kärhanasynyň işgärleriniň hem Türkiýä getirilmekleri üçin gepleşikleriň dowam edýändigi habar berildi
Gazagystandaky hadysalar sebäpli uçar saparlarynyň togtadylan ýurdyň paýtagty Nur-Soltan şäherinde galan Türk howa ýollary kärhanasynyň 2 kapitan uçarmany bilen 4 bortprowodnik işgär, Dubaýyň üsti bilen Türkiýe getirildiler.
Nur-Soltan şäherinde galan 6 işgäriň getirilmegi üçin THÝ kärhanasynyň Dolanşyk geňeşiniň başlygy we Ýerine ýetirijiler komitediniň başlygy Ilker Aýjynyň görkezmesine laýyklykda işe girişildi.
THÝ kärhanasynda işleýän 6 adam, düýn gije başga bir howa ýollary kärhanasyna degişli uçar bilen Nur-Soltan şäherinden Dubaý şäherine alynyp gidildiler.
Işgärler Dubaýdaky howa menzilinden ýerli wagt bilen sagat 02:40-da ýola çykan THÝ-na degişli uçar bilen şu gün irden Stambula geldiler.
Almaty şäherinde galan THÝ kärhanasynyň işgärleriniň hem Türkiýä getirilmekleri üçin gepleşikleriň dowam edýändigi habar berildi.
Degişli Habarlar
Türkiye bilen Azerbaýjan Harby Türgenleşik Geçirdi
Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasynda suwasty hüjüm türgenleşiginiň geçirlendigi nygtaldy.