“ÝB, Gazagystanyň Garaşsyzlygyna Sarpa Goýulmaly” Diýdi

“Kollektiw howpsyzlyk guramasynyň esger ugratmagyny bellik etdik”

1758347
“ÝB, Gazagystanyň Garaşsyzlygyna Sarpa Goýulmaly” Diýdi

ÝB, Kollektiw howpsyzlyk guramasynyň Gazagystana esger ugratmagy meselesinde beren beýannamasynda “Gazagystanyň özygtyýarlygyna we garaşsyzlygyna sarpa goýulmaly” diýdi.

ÝB Komissiýasynyň metbugat geňeşçilerinden Nabila Massrali, gündelik metbugat ýygnagynda Gazagystanda geçirilýän protest ýörişleri we Prezident Kasym Jomart Tokaýewiň talabyna laýyklykda Kollektiw howpsyzlyk guramasynyň Gazagystana esger ugratmagy hakyndaky soraglara jogap berdi.

Gazagystandaky her bir adama parasatlylyk çagyryşyny berendiklerini ýatladan we kynçylyklaryň parahatçylykly ýagdaýda çözülmegini arzuw edýändiklerini nygtan Massrali, protest ýörişlerinde aşa güýç ulanylmagyny we talaňjylyklary ýazgarýandyklaryny nygtady.

 “Kollektiw howpsyzlyk guramasynyň esger ugratmagyny bellik etdik” diýen Massrali, “Gazagystanyň özygtyýarlygyna we garaşsyzlygyna sarpa goýulmaly” diýip belledi.



Degişli Habarlar