Kollektiw Howpsyzlyk Guramasy Gazagystana Esger Ugratdy

Gazagystana ugradylan esgerler, Russiýanyň, Belarusyň, Ermenistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň harby güýçlerinden ybarat

1758166
Kollektiw Howpsyzlyk Guramasy Gazagystana Esger Ugratdy

Kollektiw Howpsyzlyk guramasynyň, Gazagystanda başdan geçirilýän wakalar sebäpli esger ugrandyğy habar berildi

Guramanyň Baş sekretarlygyndan berlen beýannamada, düýn guramanyň Gazagystana esger ugratmagy meselesinde kararyň kabul edilendigi ýatladyldy.

Beýannamada guramanyň adyndan Gazagystana ugradylan esgerleriň, Russiýanyň, Belarusyň, Ermenistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň harby güýçlerinden ybaratdygy bellenildi.

Kollektiw Hyzmatdaşlyk guramasynyň parahatçylyk güýjüniň hatarynda rus howa güýçleriniň hem bardygy nygtaldy.

Beýannamada, parahatçylyk güýjüniň rus howa güýçlerine degişli uçarlar bilen Gazagystana ugradylandygy ýatladyldy.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew, ýurtda başdan geçirilýän wakalar sebäpli Kollektiw Hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň liderlerinden kömek sorapdy.

Kollektiw Howpsyzlyk  guramasy 2002-nji ýylda Garaşsyz döwletleriň arkalaşygyna agza ýurtlar Russiýa, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Ermenistan tarapyndan hökümetara harby hyzmatdaşlyk guramasy hökmünde döredilipdi.

Gazagystanyň günbatarynda 2-nji ýanwardan başlap suwklandyrlan gazyň bahasynyň ýokarlandyrlandygy we ykdysady ýagdaýyň gün saýyn agyrlaşýandygy sebäpli başlan protestler gysga wagtda ýurduň çar tarapyna ýaýrady.

Howpsyzlyk güýçleri bilen protestçylaryň arasynda çaknyşykar boldy. Harby ulaglary oda beren we döwlet binalaryna giren protestçylara garşy howpsyzlyk güýçleri ses bombasyny ulandy.

Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew, protest ýörişlerine sebäp bolandygy sebäpli hökümetiň iş başyndan çekilýändigi hakyndaky arzasyny kabul etdi.

Protest ýörişleriniň öňüni almak üçin ilki paýtagt Nur Sultanda, Almaty şäherinde we Mangstau welaýatynda adatdan daşary ýagdaý dolanşygy yglan edildi. Birnäçe sagat soň bolsa ýurdyň çar tarapynda adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň yglan ediledigi habar berildi.

Gazagystanyň İçeri işler ministrligi ýurtda düýn başdan geçirlen wakalarda howpsyzlyk güýçlerinden 8 adamyň ýogalandygyny habar berdi.

Gazagystanyň Almaty şäherinde başdan geçirlen wakalarda döwlet eýeçiligindäki edaradyr kärhanalary ele geçirmäge çalşan onlarça protestçynyň ýogalandygy beýan edildi.



Degişli Habarlar