Azerbaýjan, 10 Ermeni Esgerini Ýurduna Yzyna Berdi
Ýewropa Geňeşiniň töwellaçylyk etmeginde yzyna berlen 10 esger 16-njy dekabrda iki ýurduň serhedinde Kelbejerde saklanypdy

Azerbaýjanyň Ýesirlerden, dereksiz ýitenlerden we zamun alynanlardan jogapkär döwlet komiteti, 10 ermeni esgeriniň ýurduna yzyna berlendigini habar berdi.
Beýannamada, saklanan ermeni esgerleriniň, Ýewropa Geňeşiniň başlygy Çarles Mişeliň tagallasy netijesinde 14-nji dekabrda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew bilen Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň arasynda geçirlen üçtaraplaýyn duşuşygyň we Aliýew bilen Mişeliň arasynda geçirlen özara duşuşygyň netijesinde yzyna berlendigi nygtaldy.
Ýewropa Geňeşiniň töwellaçylyk etmeginde yzyna berlen 10 esgeriň 16-njy dekabrda iki ýurduň serhedinde Kelbejerde saklanandyklary ýatladyldy.
Degişli Habarlar

Mustafa Şentop Azerbaýjan saparyny dowam etdirýär
Mustafa Şentop, ondan soň bolsa Baku Türk Şehitligine hem gül çemenini goýdy

TBMM-niň Başlygy Şentop Azerbaýjana Gitdi
Şentop Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlamentara Assambleýasynyň 3-nji maslahatyna gatnaşar.