Prezident Erdogan Azerbaýjana Gynanç Bildirdi

Erdogan, Azerbaýjanda bolan dikuçar heläkçiliginde şehit bolan esgerler üçin gynanç bildirdi

1741042
Prezident Erdogan Azerbaýjana Gynanç Bildirdi

Prezident R. T. Erdogan, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe telefon edip, Azerbaýjanda bolan dikuçar heläkçiliginde şehit bolan esgerler üçin gynanç bildirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, İlham Aliýewe telefon eden Prezident Erdogan dikuçar heläkçiliginde şehit bolan esgerlere Alladan rehnet, hossarlaryna we azerbaýjanyň halkyna duýgudaşlyk bildirdi.

Azerbaýjanda döwlet serhet gullugyna degişli harby dikuçaryň Hyzy etrapçasynda heläkçilige uçramagy sebäpli 14 esger şehit bolupdy, 2 esger ýaralanypdy.

Dikuçaryň ýerli wagt bilen 10.40 töweregi heläkçilige uçrandygy habar berildi.



Degişli Habarlar